Müsüriň täze parlamenti öz ilkinji maslahatyny geçirdi

23-nji ýanwarda Müsüriň täze saýlanan parlamentiniň ilkinji maslahaty geçen ýylyň fewral aýynda Hosni Mubaregiň režimine garşy protestlerde heläk bolan ýüzlerçe adamyň hatyrasyna bir minut dymyşlyk bilen başlandy.

Parlamentiň aşaky palatasynyň spikeri wezipesine yslamçy “Musulman doganlygy” hereketiniň liderleriniň biri Saad al Katatni bellenildi. Onuň kandidaturasyny 496 deputatdan 399-sy goldady.

Täze spiker özüniň “demokratik hem döwrebap” Müsüri gurmaga goşant goşmaklyga wada berdi.

Müsüriň parlamentiniň üçden iki bölegi yslamçy partiýalar bolan “Erkinlik hem Adalatlyk”, “Musulman doganlygy” we “Al Nur” partiýalarynyň wekillerinden ybarat.