Eýranyň prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň öz ýurduna garşy girizen sanksiýalarynyň ähmiýetiniň ýokdugyny aýtdy. Bu barada ol 26-njy ýanwarda ýurduň Rafsanjan şaherinde eden çykyşynda belledi.
Hepdäniň düşenbe güni Eýrana garşy girizilen täze sanksiýalara laýyklykda, Ýewropa Bileleşiginiň çäginde nebit we nebit önümleri boýunça Eýran bilen täze şertnamalary baglaşmaklyk gadagan edilýar. Nebit söwdasy boýynça ozalky baglaşylan şertnamalar bolsa 1-nji iýula çenli ýatyrylmaly.
Bu çäklendirmeler Eýranyň Günbatarda alada döredýän ýadro programmasy bilen baglanyşykly girizildi. Ýöne prezident Ahmedinejad 26-njy ýanwarda Rafsanjan şäherinde eden çykyşynda Eýranyň ýadro programmamasy bilen baglylykda gepleşiklere gaýtadan başlamaga taýýardygyny-da mälim etdi.