Orsýetiň delegasiýasy türkmen DIM-inde duşuşyk geçirdi

Duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň delegasiýasy bilen duşuşyk boldy diýip, Türkmenistan.ru maglumat berýär.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-rus şertnamalarynyň ýerine ýetirilşine garalandygy, wiza meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygy aýdylýar.

Iki tarap hem daşary işler ministrlikleriniň derejesinde geçirilýän bu duşuşyklaryň ikitaraplaýyn şertnamalaryň durmuşa geçirilmegine oňyn täsir edýandigini belläpdir.