Türkmen-türk gepleşikleri: migrantlar ýatdan çykaryldymy?

Türkiýede 1-nji fewraldan başlap, “Daşary ýurtlularyň Türkiýede galmaklary we ýurda gelmekleri” barada täze kanun güýje giripdi. 5683 nomerli bu kanunda Türkiýede kanuny statusy bolmadyk adamlaryň derhal ýurdy terk etmekleri talap edilýärdi.

Türkmenistandanam her ýyl müňlerçe raýatlar eklenç gözleginde Türkiýä gidýärler. Olaryň bolsa köpüsiniň zähmet boýunça kanuny statuslarynyň ýokdugy aýdylýar.

Şu hepde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýede saparda bolup, bu ýurduň ýolbaşçylary bilen dürli ugurlar boýunça gepleşikler geçirdi. Türkmen migrantlaryna degişli meseläniň iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda gozgalyp-gozgalmanlygy barada maglumat ýok, emma Türkiýedäki türkmen migrantlary bu ugur boýunça nähilidir bir oňyn özgerişliklere garaşýarlar.

"Tegelek stol" programmasynyň bu gezekki sanynda şu meseleler barada gürrüň edilýär.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmen-türk gepleşikleri: migrantlar ýatdan çykaryldymy?