Täjigistanda elektrik togunyň bahasy gymmatlaýar

Täjigistanda 1-nji aprelden başlap, elektrik togunyň içerki sarp ediş üçin nyrhy 20% gymmatlaýar. Bu barada täjik hökümeti habar berýär.

Döwlet eýeçiligindäki “Barki Tojik” energiýa kompaniýasynyň yglan etmegine görä, geljekde elektrik togunyň berlişi-de çäklendiriler.

Bu habary Täjigistanyň “Yslamyň gaýtadan döreýşi” atly oppozision partiýasy derrew tankytlady. Onuň aýtmagyna görä, elektrik togunyň bahasynyň ýokarlanmagy ozalam garyp güzerandaky täjik halkynyň durmuşyny has-da agyrlaşdyrar.

Häzir täjigistanlylara her günde 5-6 sagat çemesi elektrik togy berilýär. Resmileriň aýtmagyna görä, elektrik togunyň berlişiniň ýene-de azaldylmagy her günde 3 ýa-da 4 sagat elektrik berilýän regionlara has köp tok bermek maksady bilen planlaşdyrylýar.

Resmiler iri gidroelektrik stansiýasy ýerleşýän “Nurak” kölünde suwuň derejesiniň peselmeginiň elektrik toguny öndürmäge päsgel berýändigini aýdýarlar.