Gazagystanda Žanaözen wakalary barada aýlawly gürrüň berýän spektakl goýuldy

Gazak häkimiýetleri teatr başlygy we dissident Bolat Atabaýewe Žanaözen sebitindäki problemalar barada aýlawly gürrüň berýän spektakly goýmaga rugsat etdiler.

2011-nji ýylyň dekabrynda Žanaözende polisiýa azyndan 16 adamy atyp öldürdi. Atabaýewiň aýtmagyna görä, 14-nji martda Almatyda “Gar süýşmesi” atly spektakl goýlanda ýygnalan pullar Žanaözende ölenleriň maşgalalaryna geçiriler.

Gazak häkimiýetleri bu spektaklyň goýulmagyna rugsat berseler-de, Žanaözendäki gandöküşiklik barada derňew geçirmäge çagyrýan aktiwistleri suda çekmeklerini dowam etdirýärler.

Golaýda teatryň başlygy Atabaýewe Žanaözen wakalary bilen bagly “sosial bulagaýçylyga meçew berdi” diýlen günä ýöňkeldi.

14-nji martda bir nebitçiniň aýaly hem Žanaözendäki “bidüzgünçilikleri gurnamaga gatnaşanlygy üçin” diýen günäkärleme bilen üç gün tussaglykda saklandy.