Türkmenistanda täze iki partiýa döredilip bilner

Türkmenistanyň häkimiýetleri “ýakyn geljekde” täze iki syýasy partiýanyň dörediljekdigini mälim etdiler. Bu hereket bilen ýurduň bir partiýalyk sistemasynyň soňuna çykmaklyk maksat edinilýär.

Wise-premýer Sapardurdy Toýlyýew agrar partiýany we telekeçileriň partiýasyny döretmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Bu plan amala aşyrylan ýagdaýynda ýurtdaky ýeke-täk partiýanyň – Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň dolandyryş düzgüniniň soňuna çykylmagynyň ähtimaldygy aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde-de, analitikleriň aýtmaklaryna görä, partiýalaryň döredilmeginde hökümetiň gatnaşygynyň bolmagy olaryň özbaşdak hereket edip biljegine uly şübhe döredýär.

Türkmenistan 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny alany bäri berk awtoritar usulda dolandyrylyp gelinýän döwlet hökmünde tanalýar.

Türkmenistanda nobatdaky parlament saýlawlary 2013-nji ýyla bellendi.