Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk 27-nji martda täjik paýtagty Duşenbede Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmek barada geçirilen regional konferensiýanyň jemleri barada brifing geçirdi. Ol sebitdäki ähli ýurtlary Eýranyň hökümeti bilen söwda we beýleki gatnaşyklardan saklanmaga çagyrdy.
Robert Bleýkiň aýtmagyna görä, soňky 10 ýylyň dowamynda Owganystan durnuklylyk, demokratiýa we sosial-ykdysady ugurlar boýunça ösüş gazanypdyr. “Ikinjiden, Owganystanda uly regional integrasiýa goşulmaga ymtylyşlar hem bar. Sebitdäki ýurtlaryň ählisi durnukly, howpsuz we gülläp ösýän Owganystany görmek isleýärler” diýip, Bleýk aýtdy.
“Birleşen Ştatlaryň Eýrana garşy girizen sanksiýalaryna laýyklykda, ABŞ regiondaky ähli döwletleri Eýranyň hökümeti bilen söwda we beýleki gatnaşyklardan saklanmaga çagyrýar. Bu Eýranyň ýadro programmasy boýunça halkara jemgyýetçiliginiň aladalary barada Tährana basyş etmek üçin zerur” diýip, Bleýk nygtady.
Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk sebitdäki ýurtlary öz problemalaryny “alternatiw” ýol bilen çözmäge çagyrdy. Ol muňa mysal hökmünde Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň “Transowgan” gazgeçirijisi baradaky proýekt boýunça hyzmatdyşlygyny ýatlady.
Bleýk Owganystan baradaky halkara konferensiýada Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad çykyş edende, Birleşen Ştatlaryň delegasiýasynyň konferensiýany terk etmeginiň sebäplerini hem düşündirdi.
“Biz prezident Ahmedinejadyň regional integrasiýa baradaky konferensiýada çykyş etmek mümkinçiliginden peýdalanyp, ABŞ-ny we onuň NATO-daky partnýorlaryny tankytlamagyna juda lapykeç bolduk. Ol biziň Owganystandaky syýasatymyzy aýyplady. Biz muňa protest hökmünde konferensiýanyň geçýän jaýyndan çykmagy karar etdik” diýip, Bleýk aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Bleýkden Amerika Owganystandan öz goşunyny çykaranda we harby enjamlaryny, ýaraglaryny alyp gaýdanda, olaryň käbirini Täjigistanda ýerleşdirmegi göz öňünde tutýarmy diýip soranda, ol bu meselä garalýandygyny aýtdy.
“Merkezi Aziýadaky käbir ýurtlar harby enjamlaryň käbirlerini almak isleýändiklerini aýtdylar. Biziň ilçihanalarymyzdaky resmiler şeýle meseleler bilen meşgullanýarlar. Käbir kanunlar harby enjamlaryň Merkezi Aziýada galdyrylmagyny gadagan edýär, käbiri bolsa, çäklendirýär. Şeýle harby enjamlaryň daşalyşy ABŞ-nyň kanunlaryna laýyk gelmelidir” diýip, Bleýk aýtdy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk Owganystan barada Täjigistanyň paýtagtynda geçirilen halkara konferensiýa gatnaşypdy. Şol konferensiýa 27-nji martda tamamlandy.