Siriýa boýunça halkara ilçisi Kofi Annan prezident Başar al-Assadyň 10-njy aprelde şäherlerdäki goşunlaryny çykarmaga razy bolandygyny aýdýar.
Bu iki gün soňra pitneçiler bilen atyşygy kesmäge ýol açar we ahyrynda BMG-niň atyşygy bes etmek boýunça gözegçilik missiýasynyň Siriýa getirilmegine mümkinçilik döreder.
Annan bu barada BMG-niň ýapyk gapylaryň arkasynda geçirilen diňlenşiginde aýtdy.
Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýs ozal Damaskyň şu hili wadalarynda tapylmandygyny belläp, Siriýa aýdýan sözleri esasynda däl-de, edýän işleri esasynda baha beriljegini aýtdy.
"Biz soňky birnäçe aýyň dowamynda söz berlenini we onuň ýerine ýetirilmänini gördük. Biz zorlugy bes etmek borçlanmalaryndan soň köpçülikleýin zorlugyň möwç alanyny gördük- diýip, Raýs aýtdy. - Onsoň Birleşen Ştatlar bu borçlanmalara syn eder we ýene subutnamanyň hereketlerdedigini, sözlerde däldigini aýdar."
Raýs "geçmişdäki tejribeler bizi bu wadalara şübheli garamaga iterer" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi we soňky günlerde zorlugyň has möwjemeginiň özlerini alada goýýandygyny nygtady.
Siriýanyň BMG-däki ilçisi Başar Jaafari "Siriýanyň dostlarynyň" pitneçilere maddy ýardam bermek baradaky kararyny tankytlap, bu ýagdaýyň BMG-niň düzgünlerine ters gelýändigini aýtdy:
"Jenap Kofi Annanyň missiýasynyň düzgünlerine laýyk bolmadyk her bir hereket bu missiýany bozýar – diýip, Jaafari aýtdy. - Şu sebäpden her kim, şol sanda Birleşen Ştatlar hem aragatnaşyk we başga hili enjamlar bilen üpjün etmek barada aýdýan zatlary üçin jogapkärçilik çekmelidir."
Şeýle-de ol Siriýadaky ýaragly toparlara özleriniň hatda pul we aýlyk ibermekçidiklerini açyk aýdan adamlardan Howpsuzlyk geňeşinde hasap soralmalydygyny öňe sürdi. Ol munuň diňe bir düzgünnamany bozmaýandygyny, eýsem Siriýanyň özygtyýarlylygyna garşy uruş yglan etmäge barabardygyny belledi.
NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen Günbataryň harby ýaranlygynyň Siriýa ol ýa beýleki görnüşde harby gatyşma niýetiniň ýokdugyny, pitneçileri ýaraglandyrmajakdygyny gaýtalady.
Şularalykda Halkara Gyzyl haç guramasynyň başlygy ýaralylary alyp çykmak we asuda ilata azyk-suwluk, derman eltmek üçin gündelik iki sagat atyşygyň bes edilmegini gazanmak üçin Damaska geldi.
Hepdäniň birinji güni Siriýada zorlukly wakalaryň soňlanandygy eşidilmedi.
Aktiwistler Homs welaýatynda hökümetiň topa tutmalaryndan 10 raýatyň ölendigini aýtdylar.
Aleppo şäherinde bir dükanda bolan partlama Assada tarapdar dükan eýesini öldürdi.