NATO-nyň ministrleri Owganystan goşun çykarmagy maslahat edýärler

NATO-nyň ministrleri Owganystandan göşunlaryny çykarmak plany boýunça çarşenbe güni Brýusselde gepleşiklere başladylar. Bu maslahat iki gün dowam eder.

Daşary işler we goranmak ministrleriniň bu duşuşygynda geljek aýda Çikagoda geçiriljek NATO-nyň sammitiniň esasy iş planyny maslahat etmek göz öňünde tutulýar.

2010-njy ýylyň noýabr aýynda NATO-nyň liderleri Owganystanda howpsuzlyk jogapkärçiligini 2014-nji ýyla çenli kem-kemden owgan güýçlerine tabşyrmak barada ylalaşyga gelipdiler.

Ýöne öz güýçleri Owganystandan çykarylandan soň, owgan goşunlary we polisiýasy nähili maliýeleşdirilmeli diýen mesele häzire çenli ara alnyp maslahat edilip gelinýär.