Ukraina jenaýatçylaryň tapylmagy üçin 250 müň dollar sylag goýdy

Şenbe güni Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç ýurduň Dnepropetrowsk şäherinde amala aşyrylan partlamalary gurnaýjylar barada anyk maglumat beren adama 2 million griwen, ýagny 250 müň dollar möçberinde pul sylagynyň beriljekdigini aýtdy.

Anna güni ýurduň Dnepropetrowsk şäherinde amala aşyrylan dört sany partlamada azyndan 30 adam ýaralandy, olardan 10-sy çagalar.

Häzirki wagt bu ýaralananlardan 22-si keselhanada bejergi alýar. Ukrain häkimiýetleri bu wakany “terror işi” diýip atlandyrdy. Partlamalaryň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.