Eýranda güýçli “Flame” kompýuter wirusy tapyldy

Ekspertleriň aýtmaklaryna görä, Eýranda we Ýakyn Gündogarda kompýuterleri zaýalaýan çylşyrymly wirus tapylypdyr.

Orsýetiň “Kasperskiý Laboratoriýa” atly antiwirus kompaniýasynyň anyklamagyna görä, “Flame” wirusy 2010-njy ýylda Eýranyň ýadro programmasyna hüjüm eden “Stuxnet” wirusyny çykaran ýurduň buýurmagy esasynda döredilipdir. Eýran “Stuxnet” wirusyny ýaýratmakda ABŞ-ny we Ysraýyly aýyplapdy.

“Kasperskiý” täze tapylan “Flame” wirusynyň bäş ýyl mundan ozal döredilen bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýar we onuň “Stuxnet” wirusyndan has çylşyrymlydygyny belleýär.

Duşenbe güni Eýran ýurduň kompýuterlerine golaýda edilen hüjümiň “Flame” wirusy arkaly amala aşyrylan bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy. Şol hüjümde Eýranyň kompýuterlerinden maglumatlaryň pozulandygy aýdylýar.

“Kasperskiý” BMG-niň tabşyrygy esasynda Ýakyn Gündogarda wirus dörediji kompýuter programmalaryny analiz edeninden soň, “Flame” wirusyna gabat gelendigini aýdýar.