Geçen dynça alyş günleri, 16-17 nji iýunda Müsürde geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Müsüriň “Erkinlik hem Adalat” partiýasy öz kandidaty Muhammad Mursiniň ýeňendigini yglan etdi.
“Musulman doganlygy” hereketi tarapyndan döredilen “Erkinlik hem Adalat” partiýasy bu baradaky habary Twitter sosial ulgamy arkaly köpçülige ýaýratdy.
Maglumatda Muhammad Mursiniň Müsürde halk tarapyndan saýlanan ilkinji prezidentdigi aýdylýar.
Soňky resmi däl maglumatlara görä, sesleriň 95% sanalansoň, Mursiniň sesleriň 52% çemesini alandygy anyk boldy. Müsüriň öňki premýer ministri Ahmed Şafige bolsa saýlawçylaryň 48% seslerini beripdir.
Ahmed Şafigiň saýlaw kompaniýasy saýlawlaryň netijeleri barada entek hiç hili maglumat bermedi.
Saýlawlaryň resmi netijeleriniň 21-nji iýunda yglan edilmegine garaşylýar.