NATO Pakistanyň üsti bilen ýük daşamagyny gaýtadan ýola goýdy

Pakistanyň resmileri penşenbe güni NATO-nyň Pakistanyň üsti bilen Owganystana ýük daşamagyny gaýtadan ýola goýandygyny mälim etdiler.

Bu transport korridoryny Pakistan geçen ýylyň noýabrynda NATO-nyň geçiren howa hüjüminde 24 sany pakistanly esgeriň ölmeginiň yzýany petikläpdi.

Şu hepdäniň sişenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň pakistanly esgerleriň ölümine “çuňňur gynanjyny” bildirýändigini yglan etmeginiň yzy bilen, Pakistanyň häkimiýetleri bu transport korridorynyň täzeden açylmagyna özleriniň razylyk berýändiklerini mälim etdiler.