Karzaý Molla Omaryň-da saýlawlara gatnaşyp biljegini aýdýar

Penşenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý talybanlaryň lideri Molla Omaryň-da bu ýurtda geçiriljek saýlawlara gatnaşyp biljekdigini aýtdy.

Bu barada habarçylara beren interwýusynda prezident Karzaý: “Molla Omar öz dostlary bilen gelip, syýasy partiýa döredip, syýasat bilen meşgullanyp we saýlawlarda dalaşgär bolup hem biler. Eger halk oňa ses berse, bu onuň üçin gowy zat. Ol ýolbaşçylygy-da öz eline alyp biler” diýdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Talyban güýçleriniň iň esasy liderlerinden biri bolan Molla Omaryň ele salynmagyna mümkinçilik berjek maglumat üçin 10 million dollar sylag beriljekdigini yglan edipdi.