Owganystan: neşe belasy türkmenleriň-de aladasy

BMG-niň neşelere garşy göreş boýunça edarasynyň maglumatyna görä, dünýäde sarp edilýän neşe maddalarynyň-da 90% -den gowragy Owganystanda öndürilýär.

BMG-niň neşelere garşy göreş boýunça edarasynyň maglumatyna görä, Owganystan neşe we neşe maddalaryny öndürýän ýurtlaryň arasynda dünýäde birinji orunda durýar. Şol edaranyň maglumatyna görä, dünýäde sarp edilýän neşe maddalarynyň-da 90% -den gowragy bu ýurtde öndürilýär.

Owganystanda öndürilýän neşe maddalarynyň aglaba bölegi gaçak ýollar arkaly daşary ýurtlara alnyp gidilýän hem bolsa, soňky döwürlerde neşäniň Owganystanyň öz içinde, şol sanda bu ýurtda ýaşaýan etniki türkmenleriň arasynda-da kem-kem giň ýaýraýandygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň “Türkmen sesi” gepleşiginiň nobatdaky tapgyrynda owgan türkmenleriniň arasyndaky neşekeşlik we bu problemadan gutulmaklygyň ýollary bilen bagly gürrüň edilýär.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky studiosynda geçirilen bu gepleşige Owganystanyň prezidentiniň dini işler boýunça maslahatçysy Molla Jora, şeýle hem ýerli lukman Muhammed Emin Tagan, ýerli bilermen Abdulgani Çerkez we neşekeşligi terk eden Akmyrat gatnaşýar.

Şu “Türkmen sesi” gepleşigini diňlemek üçin, şu ýere basyň:

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Owganystan: neşe belasy türkmenleriň-de aladasy