ABŞ Remezan aýy döwründe Yrakda amala aşyrylan hüjümleri ýazgardy

Waşington Yragyň paýtagty Bagdatda we onuň töwereklerinde amala aşyrylan ýaragly hüjümleri we bomba partlamalaryny ýazgaryp çykyş etdi. Şol wakalarda 100-e golaý adam heläk bolupdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Wiktoriýa Nuland bu hüjümleriň musulmanlaryň mukaddes Remezan aýynda amala aşyrylmagynyň has-da hopukurdýandygyny aýtdy.

Yragyň resmileriniň beren maglumatyna görä, 13 şäherde amala aşyrylan 21 hüjümde 200-e golaý adam hem ýaralanypdyr.

Bu hüjümleri “Al-Kaýdanyň” Yrakdaky bölüminiň amala aşyrandygy çaklanylýar. Mundan ozal ol topar Yrakda täze hüjümleri amala aşyrmak bilen haýbat atypdy.