Pakistanyň premýer-ministrine Zardariniň işi bilen bagly iki hepde möhlet berildi

Pakistanyň Ýokary sudy ýurduň täze premýer-ministri Raja Pervez Aşrafa Şwesariýanyň hökümetine ýüzlenip, prezident Asif Ali Zardariniň parahorluk bilen bagly işini açmagyna ýene-de iki hepde möhlet berdi.

Ýurduň ozalky premýer-ministri Ýusuf Raza Gilani Şwesariýanyň hökümetine şeýle haýyşnama ýazmandygy üçin, wezipesinden çetleşdirilipdi. Şu aýda Pakistanyň sudy Raja Perwez Aşrafyň hem ozalky premýer-ministriň ykbalyny gaýtalap biljekdigini gytaklaýyn duýdurypdy.

Iki ýyl çemesi wagt bäri, Pakistanyň hökümeti prezident Zardariniň ýurduň baştutany hökmünde el degirilmezlik hakynyň bardygyny öňe sürüp, suduň edýän çagyryşyna garşy çykyp gelýärdi.