Türkmen prezidentiniň ulag kerweni Türkiýede ýol heläkçiligine uçrady

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowy alyp barýan ulag kerweni 10-njy awgustda Türkiýäniň Izmir şäherinde ýol heläkçiligine uçrady.

Türkiýäniň “Dogan” habar agentliginiň beren maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedowyň oturan ulagyna zeper ýetmändir.

Prezidentiň ulagynyň yzyndaky hatarda 20-nji bolup barýan maşyna zyýan ýetipdir.

Bu wakada delegasiýanyň düzümindäki adamlaryň käbirlerleri ýeňil ýaralandy diýip, habarda nygtalýar.

10-njy awgustda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýä eden iki günlik sapary tamamlandy.

Türkmen prezidenti bu saparynyň çäginde Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül bilen bilelikde Izmir şäherinde ýerleşýän deňiz portlaryna aýlandy.