Iki syýasy bosgunyň kyssasy

Julian Assanj (sagda) bilen Aleksandr Barankou

Ilki göräýmäge, Julian Assanj bilen Aleksandr Barankounyň häzirki ýagdaýlarynyň arasynda hiç hili meňzeşlik ýok ýaly.

Gysga kesilen açyk reňkli saçly, syratly hem-de sypaýyçylykly adam bolan Assanj, “Wikileaks” websahypasynyň esaslandyryjysy bolup, ol baradaky habarlar wagtal-wagtal dünýäniň iň uly gazetleriniň baş sahypasynda çap edilýär. Belarusy üç ýyl öň terk eden Barankounyň bolsa Interpolyň websahypasynda deri penjekli, goýy reňkli uzyn saçly, sakgally we perwaýsyz bakyşly suraty ýerleşdirilipdir.

Ýöne bu iki adamy hem birleşdirýän bir zat bar. Olaryň ikisine hem Ekwador tarapyndan syýasy gaçybatalga berildi.

Ekwador, Beýik Britaniýanyň, Şwesiýanyň we ABŞ-nyň edýän basyşyna garamazdan, Assanja beren sözünde durmagy dowam edýär. Ýöne Barankounyň onuň ýaly hoşwagt bolmazlygy-da mümkin.

Assanj Şwesiýa tarapyndan jynsy zorlukda aýyplama bilen gözlenýär. Ol Ekwadoryň Londondaky ilçihanasynda gizlenensoň, oňa şu hepdäniň başlarynda syýasy gaçybatalga berildi. Şondan soň onuň ilçihananyň balkonyndan eden çykyşy bütin dünýäde neşir edildi. Ol şu wagt hem ilçihananada bolýar.

Aýdylşyna görä, Barankou 30 ýaşynda bolup, ol polisiýada harby ýolbaşçy bolup işläpdir. Ol Belarusyň ýokary derejeli resmileriniň arasynda dowam edýändigi aýdylýan parahorlugy ýüze çykarmaga synanyşandygyny aýdýar. Oňa 2010-njy ýylda Ekwadorda syýasy gaçybatalga berlipdi.

Ýöne sanlyja gün öň, şu ýylyň 29-njy iýulynda, Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Ekwadora sapar etdi we şondan soň Barankou tussag edildi. Ol şu wagt Ekwadoryň paýtagty Kitodaky türmede saklanýar. Belarusly resmileriň Barankouny yzyna gaýtaryp bermekleri üçin Ekwador hökümetinden eden täze haýyşynyň netijesinde ol şu wagt bu iş boýunça suduň kararyna garaşýar.

Barankou 9-njy awgustdaky sud diňlenişiginden soň ýerli medianyň wekillerine beren maglumatynda özüniň Belarusa yzyna gaýtarylyp berlen halatynda janyna howp abanjakdygyny aýtdy.

Belarus Ýewropa giňişliginde ýerleşýän we ölüm jezasyny entägem ulanýan ýeke-täk ýurtdur.

"Eger olar meni yzyma gaýtaryp berseler, men gynamalar hem-de ölüm jezasy bilen ýüzbe-ýüz bolaryn. Meniň hiç hili çykalgam ýok" diýip, Barankou aýtdy.

2009-njy ýylda Barankou Belarusdan gaçyp çykandan soň, Ekwadora barypdy. Ol Belarusda parahorlukda we bidüzgünçilikde aýyplanyp, Interpolyň gözlenýänler sanawyna goşulypdy. Barankou Ekwadora syýahat etmek üçin wiza zerurlygynyň yokdugy sebäpli, şol ýurda barypdy.

Waka çylşyrymly

Barankouly waka çylşyrymlylygyna galýar. Belarusy terk etmezden ozal onuň anyk nirede we nähili wezipede işländigi nämälim. Käbir çeşmeler onuň polisiýa serkerdesi bolandygyny aýdýarlar. Barankounyň ekwadorly gyz dosty Mabel Andreýd Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda onuň goşunda işländigini, şeýle hem hökümetdäki bidüzgünçiliklere gözegçilik edýänleriň arasynda bolandygyny aýtdy.

Ýöne Belarusyň resmileri Barankouny "Umumy jenaýatçy" hökmünde ideýärler. Belarusyň gizlin gullugy bolan KGB-niň sözçüsi Aleksandr Antanowiç bu barada şeýle diýdi: "Barankou söwdagärlerden para aldy. Ol şol söwdagärler barada maglumat ýygnap, olaryň derňelýändigini aýdyp, eger barlaglarynyň üstüniň ýapylmagyny isleýän bolsalar, olaryň pul tölemeklerini isläpdir. Netijede ol bu işiň üsti bilen ýüz müňlerçe dollar gazanypdyr, sebäbi şular ýaly ýagdaýlar köp bolupdyr."

Merkezi Minskde ýerleşýän "Platforma" atly Adam hukuklaryny goraýjy topardan Alýona Krasouskaýa Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Barankounyň bu guramanyň goldawyny islände, özüniň nähili maglumatlara eýediginiň üstüni açmandygyny aýdýar. Ýöne ol belarusly resmileriň ony yzyna gaýtaryp almakdaky tutanýerliliginiň onuň "ynamly maglumatlarynyň" bardygyny görkezýändigini aýtdy.

Ýakyn diplomatik gatnaşyklar

Belarusyň Barankouny yzyna gaýtaryp almagy baradaky bu tagallalary Ekwadoryň çepçi prezidenti Rafael Korriniň Eýran, Hytaý we Orsýet ýaly ýurtlar bilen aragatnaşygyny artdyrmaga synanyşýan wagtyna gabat geldi. Şol sebapli hem şu tomsuň başynda prezident Lukaşenkonyň Latyn Amerikadaky ýakyn ýaranlary bolan Kuba bilen Wenesuela eden saparlarynyň arasyna Ekwadory hem goşmagy geň galdyrmady.

Resmi maglumatlara görä, şol saparyň netijesinde prezidentler Lukaşenko we Korri harby, söwda we diplomatik ugurlarda gatnaşyklary has hem güýçlendirmegi maksat edinýän ylalaşyklara gol goýupdyrlar. Şol wagt ýaýradylan resmi maglumatda Barankounyň ady ýa-da onuň yzyna gaýtarylyp berilmegi hakyndaky haýyş barada hiç zat agzalmandy.

Barankounyň aklawçysy Fernando Lara müşderisiniň tussag edilmeginiň prezident Lukaşenkonyň Ekwadora eden sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

Barankounyň gyz dosty Mabel Andreýd onuň Belarusa yzyna gaýtarylyp berlen halatynda, gynamalara we hat-da ölüm jezasy bilen hem ýüzbe-ýüz boljakdygyny aýdyp, Inter-Amerikan Komissiýasynyň Adam hukuklaryna we “Amerika ýurtlary” atly guramanyň hukuk bölümine ýüz tutdy.

Andreýd Ekwador sudunyň Barankouny yzyna gaýtarmajagyna umydynyň bardygyny aýdyp, Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: "Hemme milli we halkara kanunlar şu wagt Aleksandryň tarapynda. Ol bosgun we yzyna gaýtarylyp berilmez. Bu ýagdaýda adalat ýeňer we sud ony yzyna ugratmaz diýip umyt edýärin. Iki ýyldan bäri syýasy gorag berip gelýän Ekwador mundan beýläk hem öz goragyny bermegi dowam eder we syýasy basyşlar Barankounyň bosgun derejesini howp astyna salmaz diýip umyt edýärin".

9-njy awgustdaky diňlenişikden soň sud üç günüň içinde karara gelmelidi, ýöne henize çenli hem hiç hili karar yglan edilmedi.