Owganystan: adam jesetlerine buşugan iki esger sud edilýär

Birleşen Ştatlaryň deňiz goşunlarynyň iki esgeri Owganystanda öldürilen talyban söweşijileriniň jesetleriniň üstüne buşugyp, surata düşenligi üçin harby suda çekilýär.

2011-nji ýylyň iýul aýyndaky wakany görkezýän 39 sekuntlyk wideo ýazgy şu ýylyň başynda internetde peýda bolup, Owganystanda uly gahar-gazaba sebäp bolupdy.

Owgan prezidenti Hamid Karzaý deňizçi esgerleriň bu hereketleriniň adamkärçilige sygmaýandygyny aýtdy.

Geçen aý başga-da üç esger bu waka gatnaşygyny boýun aldy, ýöne olar jenaýat jogapkärçiligine çekilmedi.

Emma seržantlar Jozef W. Çamblin bilen Edward W. Deptola, ýaş esgerleri gözden salmak bilen bagly, bir topar günä bildirilýär.