Nobel baýragynyň gowşurylyş möwsümi medisina boýunça sylaglar bilen başlandy

Ýaponiýaly Şinya Ýamanaka we britaniýaly John Gurdon sütünli öýjükler boýunça ylmy barlaglary üçin medisina boýunça Nobel baýragyna eýe boldular.

Sişenbe güni 9-njy oktýabrda fizika boýunça, 10-njy oktýabrda himiýa boýunça we 15-nji oktýabrda ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň gowşuryljagy yglan edildi.

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň anna güni 12-nji fewralda yglan ediljegi aýdyldy. Swesiýanyň Akademiýasy edebiýat boýunça Nobel baýragynyň gowşuryljak gününi adatdakysy ýaly gijiräk yglan eder.

Swesiýaly senagatçy Alfred Nobel tarapyndan döredilen abraýjy baýrak ilkinji gezek 1901-nji ýylda gowşurylypdy. Şu ýyl Nobel Fondy baýrak hökmünde berilýän puluň mukdaryny 20% azaldyp, 1.2 million dollara ýetirdi we öz kararyny maliýe bazarlardaky kesgitsizlik bilen düşündirdi.

Baýraklaryň ählisi Alfred Nobeliň ýogalan senesine ýagny 10-njy dekabra çenli gowşurylar. Nobel 1896-njy ýylda ýogalypdy.