Liwanlylar razwedka ýolbaşçysy bilen hoşlaşdylar

Liwanyň ýokary derejeli resmileri general Wissam al-Hassan we onuň janpenasy Ahmed Sahýoni bilen hoşlaşýarlar. Beýrut, 21-nji oktýabr, 2012.

Ýekşenbe güni Liwanyň paýtagty Beýrutda anna günki partlamada öldürilen razwedka bölüminiň başlygy, general Wissam al-Hassanyň jaýlanyş çäresi geçirildi.

Şol gürrüňi edilýän partlamada anna güni jemi sekiz adam ölüp, onlarça adam ýaralanypdy. Ýerli liwanlylaryň köpüsi bu wakada Siriýany aýyplaýar.

Liwanyň premýer-ministri Najib Mikati şenbe güni bu waka bilen bagly eden çykyşynda general Wissam al-Hassanyň Liwanyň territoriýasynda Siriýa tarapyndan gurnalan diýlip hasaplanylýan partlamalar we kast edişlikler boýunça şu geçen tomus käbir hakykatlaryň üstüni açandygyny aýtdy we bu soňky hüjümi-de şol wakalar bilen baglanyşdyrdy.

Bu partlamanyň yzy bilen özüniň wezipeden çekilmegi barada edilýän talaplara garamazdan, premýer-ministr Najib Mikati prezidentiň haýyşyna eýerip, “döwletiň bähbitleri üçin” öz wezipesinde galmakçydygyny aýtdy.

“Beýrutyň döşündäki medal”

Liwanyň ozalky premýer-ministri, 2005-nji ýylyň fewralynda janyna kast edilip öldürilen Rafik al-Haririniň ogly Saad al-Hariri şenbe güni Liwanyň raýatlaryny general Wissam al-Hassanyň jaýlanyş merasimine gatnaşmaklyga çagyryp, çykyş etdi.

19-njy oktýabrda Beýrutda amala aşyrylan partlamanyň yzýanyndaky görnüş. Beýrut, 19-njy oktýabr.

“Ol (Wissam al-Hassan) Beýrutyň döşündäki medaldyr, ol şu şäherde-de Rafik Hariri bilen egin-egne berip ýaşady, ol bu şäheri tä soňky gezek gözüni ýumýança öz kirpikleri bilen gorady. Ol ertir Şehitler meýdançasynda Haririniň ýanynda ýatmak üçin ugrar. Men siziň her biriňizi al-Hassanyň ruhuna doga okamaklyga gatnaşmaga çagyrýaryn. Sebäbi, öz gatnaşygyňyz bilen, siz onuň tutuş Liwan üçin näderejede arzylydygyny tassyklarsyňyz” diýip, Saad al-Hariri nygtady.

Bilermenler partlamada aradan çykan general Wissam al-Hassanyň bu ýurtdaky Haririleriň täsirli syýasy dinastiýasyna ýakyn şahsyýet diýip hasaplaýarlar. Onuň ölümi, aýratynam, Liwanly sünnüleriň arasynda uly gahar-gazap döretdi.

Şenbe güni müňlerçe protestçi bu bolan waka gahar-gazar bildirip, paýtagt Beýrutyň we Tripoli şäheriniň köçelerinde rezin tigirleri ýakyp we ellerine ýarag alyp, köçeleri bagladylar.

Siriýada dowam edýän ýaragly konfliktler soňky wagtlar onuň goňşusy Liwanda-da dartgynlylygy güýçlendirdi. Liwanyň köp sünni raýatlary Siriýanyň režimine garşy göreşýän we aglaba köplügi sünnülerden durýan ýaragly söweşijilere raýdaşlyk bildirip gelýärler. Beýleki tarapdan, liwanly şaýylar Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldamaga has meýilli.