Ýekşenbe güni şaýy mezhebine degişli musulmanlaryň millionlarçasy Aşura dini dessuryny berjaý etmek üçin Yragyň mukaddes Kerbala şäherine ýygnandylar.
Bu dini dessurda şaýy musulmanlary Muhammet pygamberiň agtygy Ymam Husseýniň ölüminiň ýyl dönümine gabatlap matam çäresini geçirýärler. Onda köp dindarlar öz-özlerini demir zynjyr bilen urmak arkaly, öz gynançlaryny beýan edýärler.
Yragyň Kerbala prowinsiýasynyň gubernatory Amal al-Din al-Har ýekşenbe güni bu dini dessury berjaý etmek üçin jemi üç million töweregi zyýaratçynyň, şol sanda 200 müň töweregi daşary ýurtlynyň Kerbala şäherine gelendigini mälim etdi.
Yragyň resmileri bu zyýaratçylary goramak maksady bilen bu şäheriň töwereklerine 30 müň sany howpsuzlyk işgäriniň ýerleşdirilendigini aýdýarlar.