Pakistanyň “Talyban” hereketi bir žurnalistiň janyna kast etmek synanşygynyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
Duşenbe güni Yslamabatda Hamid Miryň ulagynda partlaýjy serişde tapyldy. Polisiýa ony zyýansyzlandyrmak başartdy.
Pakistanyň “Talyban” hereketiniň metbugat wekili Ahsanullah Ahsanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, olar Mira we herekete garşy çykýan beýlekilere garşy hem hüjümleri amala aşyrmagyny dowam ederler.
Mira “Talyban” hereketine garşy çykan ýetginjek gyz – Malala Ýusufzaýy barada maglumat berendigi üçin, haýbat atylypdy.
“Talyban” Ýusufzaýa garşy oktýabr aýynda edilen hüjümiň jogapkärçiligini hem öz üstüne alypdy. Ýusufzaýynyň kellesine we boýnuna ok atylandan soň, ol aman galmagy başardy.