Owganystan: Karzaý howply ýagdaý sebäpli ABŞ-ny we NATO-ny tankytlaýar

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý ýurtda güýjeýän howply ýagdaý sebäpli NATO-ny we ABŞ-ny tankytlady.

Penşenbe güni Amerikanyň NBC telekanalyna beren interwýusynda Karzaý Talybanlaryň hüjümleri bilen bir hatarda, howply ýagdaý NATO-nyň we ABŞ-nyň Owganystandaky gurluşlary tarapyndan döreýär diýip aýtdy.

Howpsuzlygy goraýan günbatarly hususy firmalaryň we şertnama esasynda iş alyp barýan kompaniýalaryň owganlylar bilen özlerini alyp baryşlary gahar-gazaby we howply ýagdaýy döredýär diýip, Karzaý belledi.

Şeýle hem Karzaý geçen ýyl ABŞ bilen strategiki hyzmatdaşlyk boýunça kabul edilen şertnamany ýerine ýetirmeýänlikde we ýurdunyň özbaşdaklygyny äsgermeýänlikde Waşingtony tankytlady.