Boliwiýanyň lideri Çaweziň saglyk ýagdaýyna “alada” bildirýär

Ugo Çaweziň ýarany Boliwiýanyň prezidenti Ewo Morales, Wenesuellanyň prezidentiniň ýagdaýynyň “gaty alada goýýandygyny” aýdýar.

Çarşenbe güni Morales Çaweziň saglygyny gowulandyrmaga doga-dilegleriň kömek etjekdigine umyt edýändigini aýtdy. Çawez 11-nji dekabrda bedeninden rak ösüntgilerini aýyrmak boýunça geçiren operasiýasyndan soň, häzirki wagtda Kubanyň keselhanalarynyň birinde bejergi alýar.

Resmileriň aýtmagyna görä, operasiýadan soň Çaweziň saglyk ýagdaýy çylşyrymlaşypdyr. Bu onuň 2011-nji ýylyň ortasyndan bäri geçiren dördünji operasiýasy boldy. Ol şondan bäri köpçülikde görünmedi.

Çarşenbe güni Wenesuellanyň oppozisiýasy Çaweziň saglygy barada anyk maglumatlaryň berilmegini sorap, çagyryş etdi.