Ukraina: Ýuliýa Timoşenko adam öldürmekde aýyplanylýar

Ukrainanyň baş prokurory Wiktor Pşonka ýurduň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň adam öldürmeklige dahyllylykda günäli tapylan halatynda, onuň ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmeginiň mümkindigini aýtdy.

Anna güni eden çykyşynda baş prokuror Wiktor Pşonka Ýuliýa Timoşenko 1996-njy ýylda ukrainaly biznesmen we parlament deputaty Ýewgeniý Şerbanyň öldürilmegini buýranlykda aýyplama bildirilýändigini mälim etdi.

Ol Ýewgeniý Şerbanyň öldürilmegine Ýuliýa Timoşenkonyň hem-de ýurduň ozalky premýer-ministri Pawel Lazarenkonyň görkezme berendiklerini we bu kast edişligi olaryň maliýeleşdirendiklerini görkezýän faktlaryň bardygyny belledi.

Timoşenko bilen Lazarenko bu bildirilýän aýyplamalary ret edýärler. Ýuliýa Timoşenko häzirki wagt wezipesinden hyýanatçylykly peýlananlykda çykarylan höküm boýunça ýedi ýyl türme tussaglygynda otyr.