Iordanyň şasy parlamentde demokratik reformalara söz berdi

Iordanly saýlawçylar parlament saýlawlarynda dalaşgärleriň sanawdaky atlaryna seredýärler. Amman, 23-nji ýanwar, 2013.

Ýekşenbe güni Iordanyň şasy Abdulla 2-nji täze saýlanan parlamentiň öňünde çykyş edip, demokratik reformalar barada söz sözledi. Ol ýurtda mundan beýläk-de demokratik reformalary ilerletmek ugrunda syýasat alyp barmaklyga söz berdi.

Şeýle hem, ol Iordanyň täze saýlanan parlamentini milli dialoglaryň ýola goýulmagynda “iteriji güýç” bolmaklyga çagyrdy.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, patyşa Abdulla premýer-ministri saýlamak hukugynyň indi parlamente degişlidigine hem garamazdan, bu işde özüniň-de rol oýnajakdygyny nygtady.

23-nji ýanwarda Iordanda geçirilen parlament saýlawlaryny bu ýurduň oppozision “Musulman doganlygy” partiýasy baýkotirledi. Netijede, saýlawlarda esasan garaşsyz biznesmenler, taýpa liderleri we režime ygraraly käbir beýleki syýasatçylar parlamente deputat saýlandy.