Bin Ladeniň giýewisine sud ediler

Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri Osama bin Ladeniň giýewisi Sulaýman Abu Gaite anna güni Nýu-Ýorkda sud ediljekdigini mälim etdiler.

Belli bir döwürde “Al-Kaýda” guramasynyň sözçüsi bolup işlän Sulaýman Abu Gait ýakynda Iordanda tussag edilip, soňra Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilipdi. Onuň ozalbaşda Turkiýede tussag edilendigi habar berilýär.

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Sulaýman Abu Gaite Birleşen Ştatlaryň raýatlaryny öldürmek boýunça dildüwşük gurnamakda jenaýat aýyplamasynyň bildirilýändigini mälim etdi.

Sulaýman Abu Gaitiň Kuweýtde doglandygy we onuň häzirki wagt 47 ýaşlaryndadygy aýdylýar.