Tripolide ulag bombasy partladyldy

Liwiýadaky fransuz ilçihanasynyň ýanynda ýarylan ulag bombasy iki sakçyny ýaralap, ullakan zaýaçylyk etdi.

Ýaralanan sakçylaryň ikisi hem fransuz, olaryň biri agyr ýagdaýda.

Liwiýanyň döwlet habar gullugy LANA sişenbe güni bu partlamanyň ilçihananyň howlusyna ullakan zyýan ýetirendigini, daşky haýaty ýumrandygyny we birnäçe maşyny weýran edip, ýangyn döredendigini habar berdi.