Rahmon oppozisiýa duýduryş berdi

Anna güni Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon ýurduň parlamentine we ilatyna ýüzlenip eden ýyllyk ýüzlenmesinde şu ýylyň ahyrynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň “adalatly we aç-açan” ýagdaýda geçjekdigini nygtady.

Ol bu çykyşynda saýlawlar bilen baglanyşykly çärelerde ýurduň oppozisiýasynyň “öz daşary ýurtly ýardamçylaryna bil baglamaly däldiklerini” aýtmak bilen-de, duýduryş berdi.

Hususan-da, prezident Rahmon Täjigistanyň oppozision partiýalarynyň daşarky ýardamlara bil baglamak arkaly, ýurtda 1992-97-nji ýyllaryň graždanlyk urşundaky ýaly ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolmaly däldiklerini nygtady.

Şu aýyň başynda Brýusselde žurnalistlere beren interwýusynda Emomali Rahmon özüniň geljekki saýlawlarda dalaş edip-etmezlik barada heniz belli bir karara gelmändigini aýtdy.

Emomali Rahmonyň 1992-nji ýyldan bäri Täjigistana ýolbaşçylyk edip gelýändigine garamazdan, konstitusiýa girizilen soňky üýtgetmelerden soň, ol ýene bir gezek ýedi ýyllyk möhlete dalaş etmäge hukuk aldy.