ABŞ Siriýa meselesine täzeden garaýar

Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Goranmak sekretary Çak Heýgel Obamanyň administrasiýasynyň siriýaly söweşijileri ýaraglandyrmak meselesine täzeçe garap başlandygyny aýtdy.

Žurnalistlere beren interwýusynda ol prezident administrasiýasynyň siriýaly oppozision söweşijilere köp ugurlar boýunça goldaw bermekligi, şol sanda ýarag goldawyny bermekligi-de göz öňünde tutýandygyny belledi.

Emma, şol bir wagtyň özünde-de, Çak Heýgel Siriýanyň lideri Başar al-Assady häkimiýetden çetleşdirmekde söweşijilere ýarag goldawyny bermekligiň ýerlikli boljakdygy ýa bolmajakdygy barada şahsy özüniň heniz belli bir karara gelmändigini aýtdy.

Şu günki güne çenli Birleşen Ştatlar Siriýadaky oppozision söweşijileri harby bolmadyk gumanitar ýardamlar bilen goldap gelýärdi.