Fransiýada yslamofobiýa artýar

Lion şäheriniň Uly metjidiniň ymamy Kemal Kabtane žurnalistleriň öňünde çykyş edýär.

Fransuz hökümeti ekstremizmi, onuň haýsy formadadygyna garamazdan, ýok etmegi wada etdi. Ýöne musulman ýolbaşçylar we musulman toparlar ýurtda yslamofobiýa, ýagny yslama duşmançylykly garaýyşlar, artýar diýip, duýduryş berýärler.

Bu beýanatlar 11-nji awgustda Lion şäheriniň daşynda ýerleşýän bir metjide hüjüm etmegi planlaşdyranlykda güman edilýän bir harby gullukçy tutulanyndan soň ýaýrady. Aýdylyşyna görä, ol musulmanlaryň oraza baýramyna gabatlap, bu metjide ýaragly hüjüm etmegi planlaşdyrypdyr.

Içeri işler ministrligi tarapyndan "aşa sagçylyga ýakyn" diýip hasiýetlendirilen harby gullukçy ozal hem bir metjide hüjüm edenlikde aýyplandy. Onuň tutulmagyna seslenen Lion şäheriniň Uly metjidiniň ymamy Kemal Kabtane hökümeti musulmanlaryň gorkusyny köşeşdirmek üçin çäre görmäge çagyrdy.

“Meseläniň sebäbini öwrenmeli”

"Bu tutuşlaýyn ýok edilmeli bir bela-beter. Biz näme üçin bir parlament komissiýasyny döretmek arkaly yslamofobiýa garşy berk çemeleşmeýäris? Ilki meseläniň sebäpleri öwrenilmeli. Soňra hem hemmämiz bilelikde oňa garşy göreşmegiň ýollaryny öwrenmeli" diýip, Kabtane aýtdy.

Bu wakadan soň ýurduň içeri işler ministri Manuel Walls özüniň "respublikanyň gymmatlyklaryna zyýanly ekstremistik ideologiýalardan ylham alýan zorlugyň ähli formalaryna garşy göreşmäge” ygtyýarlydygyny nygtady.

Fransiýada Yslamofobiýa garşy komitetiň aýtmagyna görä, musulmanlara garşy edildi diýlip habar berlen zorluklar we atylan haýbatlar soňky ýyllarda birsyhly artypdyr.

Bu komitetiň sözçüsi Marwan Muhammad muny şeýle düşündirýär: "Gynansak-da, biz aşa sagçy belli pikirleriň äsgermezçilige salynýandygyny görýäris. Bu pikirler adaty partiýalar tarapyndan ýaýradylýar. Muny hem adaty raýatlar alyp göterip, [musulmanlara garşy] diskriminasiýa, sögünje we fiziki agressiýa öwürýärler”.

35 prosent artdy

Bu topar üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda şular ýaly wakalaryň 108 gezek bolandygyny habar berip, musulmanlara garşy gönükdirilen duşmançylykly işleriň öten ýylkydan 35 prosent artandygyny subut etdiler.

Hasabatda musulmanlara garşy edilendigi aýdylýan zatlaryň arasynda otlamak, fiziki hüjüm we sögünç-de bar. Bu hadysalaryň uly bölegi, mysal üçin, adamlar döwlet edaralarynda gerekli işleri edip ýörkäler bolýar. Hüjümlere uçraýanlar köplenç başy bürenjekli aýallar.

Başy bürenjekli zenan

Ýaňy iýun aýynda, Parižiň Argenteuil etrabynda kimligini anyklamak üçin ýüzi bürenjekli bir zenandan şahsy dokumentleriň soralmagy, howpsuzlyk güýçleri bilen şol ýerde duran adamlaryň arasynda çaknyşyga getirdi.

Köp musulmanlaryň pikiriçe, Fransiýada ilatyň gitdigiçe agressiw hereket etmegine sebäp bolýan musulmanlaryň kanun we media tarapyndan kemsidilmegi. Aşa sagçylar hem muňa öz goşandyny goşýarlar.

Aşa sagçy "Milli front" partiýasynyň wise-prezidenti Florian Filippot Fransiýada musulmanlara garşy çydamsyzlygyň artýandygyny inkär edýär. Filippot bu ugurda öz pikirini şeýle beýan edýär: "Jemagatlaryň arasyndaky dartgynlylyk artýar. Sebäbi biz bir kommunitariýanistik jemgyýete girdik. Problema, ine, şu. Yslamizim meseleleri çözülip, yslam radikalizmi aradan aýrylmasa, bu problema inkär edilse, bu problema ýok diýilse, biz bu zatlary aýdanymyzda, bize jynsparaz, çydamsyz diýilse, onsoň musulmanlara, elbetde, garşylyk görkeziler".