Aşgabatda ýol hadysasy boldy
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Şu gün ýerli wagt bilen sagat 16:00 töweregi Aşgabadyň Çoganly şäherçesiniň golaýynda ýol hadysasy boldy. Ýol hadysasynda KIA kysymly kiçiräk ýük maşyny diýip aýdylýan ulag bilen žiguli kysymly awtomobil çaknyşdy. Wakada adam heläkçiligi bolmady. Şol töwerekde şeýle wakalara wagtal-wagtal duş gelinýär.