Netanýahu Tährana basyşlary saklamaly diýýär

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Tähranyň dawaly ýadro programmasy sebäpli, halkara jemgyýetçiligini Eýrana has köp basyş etmäge çagyrdy.

Ýekşenbe güni Netanýahu hökümet maslahatynda “gury sözleriň deregine anyk işler edilýänçä, halkara basyş saklanyp galmalydyr” diýip, çykyş etdi. Ysraýylyň premýer-ministri sözüni dowam etdirip: “Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak üçin basyş has-da artdyrylmalydyr” diýip belledi.

Mundan soň Netanýahu ABŞ-nyň “Meet the Press” telekanalynda hem şeýle mazmunly çykyş etdi: “Meniň pikirimçe, Eýrana garşy edilýän basyş saklanyp galmalydyr, ol hatda artdyrylmalydyr. Bu Tähran ýadro programmasyndan el çekýänçä, dowam etdirilmelidir. Men islendik ýarym ylalaşygyň sanskiýalary bozup biljekdigini çaklaýaryn. Käbir döwletler girizilen sanskiýalardan çykmak üçin yşarata, diňe bir yşarata garaşýar. Men sizde ýarpy ýoldan yza dolanmak islegi ýokdur diýip ynanýaryn”

Şeýle-de Netanýahu Eýranyň bolşuny Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetine deňedi: “Göz öňüne getiriň, eger-de Siriýa, men arsenalymyň 20%-ni kemeldeýin, netijede maňa girizilen sanksiýalary gowşadyň diýse, kim ynanar, hiç kim ynanmaz. Ine, Eýranyň etjek bolýany hem şu. Olar ýarym ylalaşygy hödürläp, munuň netijesinde-de gadagançylyklardan gutuljak bolýar. Şol bir wagtda olaryň ýadro ýaragyny edinmek mümkinçilikleri hem saklanyp galar”.

Tähran özüniň alyp barýan ýadro programmasynyň diňe parahatçylykly maksatlara gönükdirilendigini öňe sürýär.

ABŞ

Netanýahunyň çykyşyndan öň ABŞ-nyň resmileri Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň hökümetiniň täze tutumyny nazara alyp, Tährana garşy girizilen käbir sanksiýalary ýeňelleşdirmek mümkinçiligini maslahat edipdiler.

ABŞ-nyň maliýe ministri Jak Lew ýekşenbe güni ýurduň telewideniýesinde Waşington Eýranyň iş ýüzündäki hereketlerine görä, ädimme-ädim çäreleri görer diýip, çykyş etdi.

Şu aýyň başynda Eýranyň we Günbataryň öňdebaryjy döwletleriniň wekilleri Ženewada iki günlük gepleşikleri geçiripdiler. Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Katerine Eşton duşuşygyň “mazmunly” geçendigini we “juda möhüm” bolandygyny nygtapdy.