Latwiýa: Bir üçek 21 adamy öldürdi

Latwiýanyň paýtagtynda mähelleli supermarketiň üçeginiň çökmegi sebäpli ölenleriň sanynyň azyndan 21 adam bolandygy aýdylýar.

Halas edijiler Rigada çöken dükanyň harabalarynyň aşagynda galanlaryň gözlegini anna güni hem dowam etdirdiler.

Resmiler jemgyýetçilige ýaralylar üçin gan bermek haýyşy bilen ýüzlendiler. Häkimiýetler ýogalanlaryň üçüsiniň ýangyn söndürijidigini aýdýarlar.

Penşenbe güni öýlän, adamlaryň işden soň söwda-satyg edýän wagty bolan hadysada azyndan 36 adamyň ýaraly bolandygy habar berilýär.

Hadysanyň sebäpleri derňelýär, emma resmiler bu wakanyň işçileriň 2011-nji ýylda gurlan dükanyň üstünde gyş bakjasyny gurýan wagty bolandygyny aýdýarlar.

Içeri işler ministri bu ýerde gurluşyk işlerindäki talaplaryň ýerine ýetirilmegi bilen bagly problemalaryň bolandygyny aýdýar.