Çornowil: "Yzyny üzmän urdular"

Tatýana Çornowil

Krismas güni rehimsizlik bilen urlup-ýenjilen ukrainaly oppozision žurnalist ýoluň gyrasynda gana bulaşyp ýatyrka, öz üstüne hüjüm edenleriň özüni öldürdik diýip taşlap gidendiklerine ynanýandygyny aýdýar.

Ýekşenbe güni 1+1 telekanalynda bu waka barada gürrüň beren Tatýana Çornowil hüjümçilere özüniň garşylyk görkezmändigini aýtdy: "Men burnumyň döwlendigini duýdum, onuň zarbadan owrananyny duýdum. Men elimi galdyrmasam-da, olar yzyny üzmän, meni urdular".

Telewizion interwýuda žurnalistiň burnunyň saralandygy, sag gözüniň hem gögerip, çişip durany göz-görteledi.

Lukmanlar Çornowiliň ýagdaýy "kadaly", ýöne ol doly aýak üstüne galýança, ýene iki aý gerek diýýärler.

"Kompýuteriň başynda oturyp bilemok. Bir teksti okamaga başlasam, başym aýlanýar. Emosional taýdan hem problemalar bar. Bir hili çalt tolgunýaryn" diýip, Çornowil aýdýar.

Oppozision "Ukrainska Prawda" websaýtynda makala ýazýan žurnalist golaýda hökümete garşy protestlerde ençeme gezek çykyş eden tanymal aktiwist.

"Tabşyryk"

Ýaňy-ýakynda onuň ýokary derejeli hökümet işgärleriniň baýlyklary barada ýazan makalasy neşir edildi. Onuň üstüne hüjüm hem şondan az wagt soňra boldy.

Ol bu hüjümiň tabşyryk boýunça edilendigine özüniň ynanýandygyny aýtdy: "Men ünsümi berk jemläpdim. Men diňe diri galmaga çalyşýardym. Hüjümiň tabşyryk boýunça amala aşyrylandygyny wakalaryň bolup geçişi aýdyň görkezýärdi".

Ukrainanyň Derňew Müdiriýetiniň başlygy Mykola Çinçin hüjümden iki gün soňra bu işde güman edilýän bäş adamyň tutulandygyny habar berdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary hüjüm barada "çynlakaý alada" bildirip, ony Ukrainada Ýewropa Bileleşiginiň tarapdarlarynyň hökümete garşy protestlere gatnaşan ýa gatnaşdy diýilýän aktiwistleridir žurnalistleri gorkuzmaga gönükdirilendigi aýan bolýan çäreleriň bir bölegi hökmünde häsiýetlendirdi.