Soçi: Nawalnyý korrupsiýany yzarlaýar

Orsýetli oppozisioner Alekseý Nawalnyý Soçide boljak Gyşky Olimpiada bilen bagly korrupsiýany yzarlaýan websaýtyny işledip başlady.

“Sochi.fbk.info” atly bu internet sahypasynda azyndan 10 sany olimpiýa desgasynyň gurluşygynyň bolmalysyndan iki esse gymmada düşendigini barada maglumat berilýär. Şeýle-de bu sahypada Soçidäki örän girdejili gurluşyklara degişli şertnamalaryň üstünde oligarhlaryň we Kremle ýakyn şirketleriň arasyndaky özara dawalaryň bolandygy aýdylýar.

Ýakynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Soçidäki olimpiýa öýunlarynyň daşyndaky korrupsiýa bilen bagly aýyplamalary ret etdi. Putin Soçidäki gurluşyklaryň gymmat bolmagynda maýa goýujylary proýektlerde ýalňyşlyk goýbermekde aýyplady.

Orsýetiň 2012-nji ýyl boýunça barlag hasabatlarynda Olimpik desgalarynyň gurluşygyna 500 million dollar maksada laýyk sowulmandygy aýdyldy.
Orsýetiň 2014-nji ýylyň gyşky Olimpiadasyna taýýarlyk görmek üçin 51 milliard dollar çemesi puly sarp edendigi aýdylýar.