Nýu-Ýork: “Pussy Riot” çykyş etdi

Orsýetiň pank-rok protest toparynyň tussaglygy başdan geçiren iki agzasy ABŞ-da bolan konsertde çykyş edip, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň adyna çagyryş bilen ýüzlendiler we hökümete garşy çykyş eden protestçileri tussaglykdan boşatmaga ündediler.

Çarşenbe güni agşam Nýu-Ýorkda "Amnesty International" guramasy tarapyndan geçirilen konsertde dünýä belli aýdymçy Madonna tarapyndan sahna çagyrylan “Pussy Riot” toparynyň agzasy Nadežda Tolokonnikowa “biz Orsýetiň azat bolmagyny we Putinsiz bolmagyny talap edýäris” diýdi.

"Amnesty International" guramasynyň baş sekretary Salil Şetynyň 5-nji fewralda Nýu-Ýorkda geçirilen metbugat-konferensiýasynda aýtmagyna görä, “Pussy Riot” toparynyň we beýleki artistleriň gatnaşmagy “Orsýetiň hökümetine basyş etmek üçin örän zerur”.

Nadežda Tolokonnikowa we Mariýa Alýohina Orsýetde adam hukuklarynyň depelenmegi barada gürrüň berdiler emma aýdymçy hökmünde çykyş etmediler. Madonna “Pussy Riot” toparynyň gaýduwsyzlygyny belledi we olary prezident Putin ýaly adamlara garşy durmakda görelde almak üçin nusga hökmünde häsiýetlendirdi.