ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomaty Täjigistanda gidroelektrostansiýanyň gurluşygy bilen bagly gapma-garşylykly proýekt barada Waşingtonyň öz pozisiýasyny mälim etmegi üçin wagtyň gerekdigini aýdýar.
ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça orunbasary Riçard Hoagland “Rogun” stansiýasynyň gurluşygy barada ABŞ-nyň öz pozisiýasyny mälim etmegi üçin başda öňünden barlaglaryň geçirilmelidigini belledi.
Täjigistan energiýa serişdeleriniň üstünde goňşy Özbegistan bilen dawa edýär. Daşkent Duşenbäniň “Rogun” gidroelektrostansiýasyny gurmagyna garşy çykyş edip, proýektiň Özbegistany suwsuz galdyrjagyny aýdýar.
Täjigistana sapar edýän ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça orunbasary Riçard Hoagland 25-nji fewralda AÝ/AR-nyň Täjik gullugy bilen söhbetdeş bolup, hususan-da, maglumat elýeterliligi meselesi barada şeýle diýdi: “Meniň hökümetimiň pozisiýasy örän anyk: biz adamlarda informasiýa hukugy bar we olaryň özüçe netijä gelmäge haky bar, diýip hasap edýäris. Şeýlelikde men Täjigistanyň hökümetindäki dostlarymdan websaýtlary petiklemegi bes etmegi soraýaryn bu her kim üçin gowy bolar”.
Merkezi Aziýa sapar edýän Hoagland 2003-2006-njy ýyllarda ABŞ-nyň Täjigistandaky ilçisi bolupdy.