Kreml Krymyň talabyna göz ýummaz

Prezident W.Putiniň edarasy Orsýetiň Ukrainanyň Krym regionynyň Orsýete tarapdar premýer-ministri Sergeý Aksynowyň parahatçylygy gorap saklamak babatdaky goldaw talabyny eşitmezlik edip bilmejegini aýtdy.

Aksynow şenbe güni Putinden kömek sorady. Şeýle-de Aksynow harbylaryň, polisiýanyň, serhet goragçylarynyň, howpsuzlyk gulluklarynyň ähli agzasynyň diňe öz buýrugyna gulak asmalydygyny jar etdi.

Ol bu ýagdaý bilen ylalaşmaýan komandirleriň işden çekilmelidigini aýtdy. Anna güni rus goşunlarydyr diýip oýlanylýan ýaragly adamlar Krymyň esasy uçar meýdanlaryna ýerleşdirildi.

Şu arada Orsýetiň transport uçarynyň gije Kryma ýüzlerçe rus esgerini getirendigi barada habarlar ýaýrady.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk şenbe güni Orsýetiň Krymdaky harby hereketlerini togtatmagyna çagyrýan täze beýanat ýaýratdy.

Şeýle-de Ýatsenýuk Ukrainanyň Orsýetiň «prowokasiýalaryna» güýç bilen jogap bermekden ýüz öwürýändigini aýtdy.

Soňky gowşan habara görä, Orsýetiň Döwlet dumasynyň spikeri Sergeý Naryşkin Moskwada Krymdaky ýagdaý barada metbugat beýanatyny etdi:

«Döwlet dumasynyň geňeşi duma agzalarynyň adyndan Orsýet federasiýasynyň prezidenti W.Putine ýüzlenme kabul etdi we ony Krymda, krym halkyny zulum-sütemden goramak üçin, mümkin bolan ähli zady edip, durnuklylyk çärelerini görmäge çagyrdy.»