"Işleýän" sport mekdebi

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda jemi üç sany sport mekdebi bar. Şol sport mekdeplerinden diňe 2-nji sport mekdebi doly işledileýär. Täze gurlan bu sport mekdepleriniň arhitekturasy, meýdany birmeňzeş. Mekdepleriň çäginde kiçi futbol, gandbol oýnamaga niýetlenen meýdança, basketbol oýny üçin uly zal we sambo, dzýu-do, boks bilen meşgullanmaga niýetlenen ýerler bar. Şeýle mekdepleriň Türkmenistan boýunça 90 sanysynyň gurlanlygy, ýöne olaryň ählisiniň işledilmeýänligi barada maglumatlar bar. Wideo ýazgyda Garaşsyzlyk etrabynyň Nyýazow şäherçesiniň doly işledilýän 2-nji sport mekdebinden käbir kadrlar görkezilýär.