Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz respublikasy Dagystanda ýurduň kanunçykaryjysy nämälim hüjümçi tarapyndan öldürildi.
Dagystanyň hukuk goraýjy edaralarynyň berýän maglumatyna görä, hüjümçi 17-nji aprelde Musa Islawowyň ulagyna ot açypdyr. Şol wakada Islawow wakanyň bolan ýerinde aradan çykýar we onuň agyr ýaralanan sürüjisi hem keselhana ýerleşdirilenden soň heläk bolýar.
Islawowa hüjüm edenler tussag edildiler. Bu hüjümiň sebäpleri barada henize çenli maglumat berilmeýär.
Islawow mundan ozalky amala aşyrylan azyndan bir hüjümden aman galypdy.
Dagystan yslamçy ekstremistler we guramaçylykly jenaýatlar bilen ilteşikli ýowuzlyklardan birnäçe ýyl bäri ejir çekip gelýär. Söweşijiler polisiýany, ýerli resmileri we aram musulmanlary ýygy-ýygydan nyşana alýarlar.