Günorta Koreýa: Premýer-ministr işden çekildi

Günorta Koreýanyň premýer-ministri Çaň Hoň-won hökümetiň agdarylan gämi babatdaky başarnyksyzlygy sebäpli iş başyndan çekildi.

Bu hadysada 300-den gowrak adam öldi ýa-da tapylmaýar. Çaň 27-nji aprelde bu betbagtçylykda «çuň kök uran ýaramazlyklary» we jemgyýetdäki korrupsiýany günäledi hem-de betbagtçylygyň öňüni alyp bilmändigi, waka bolandan soň ýeterlik iş edip bilmändigi üçin ötünç sorady.

Çöken gämiden häzire çenli 187 jeset tapyldy we 115 adam heniz hem tapylmaýar.