Täze Tolkun gepleşigimizde Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda dürli-dürli wagtlarda geçirilýän “Açyk gapylar gününiň” ýokary okuw jaýyna girmek isleýän ýaşlar üçin näderejede peýdaly bolýandygy barada türkmenistanly ýaşlar Kerim we Aýjahan hem-de owganystanly türkmen ýigidi Sahy Baýramly bilen söhbetdeş bolduk.
Türkmen ýaşlary öz söhbetdeşliginde daşary ýurtda geçirilýän “Açyk gapylar güni” barada hem gürrüň berýärler. Şeýle-de, olar Türkmenistanda “Açyk gapylar güni” nähili geçirilende ýaşlar üçin peýdaly boljakdygy barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
Garaýyşlaryňyzy aşakdaky teswir bölüminde galdyryp bilersiňiz.