​“Ýaşlarda okamaga höwes az”

Turkmenistan -- Book exhibition, where?, 25Sep2012

Anna güni geçirilen hökümet maslahatynda şu ýylyň bäş aýynyň dowamynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 139 görnüşiniň, şol sanda okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 60-dan gowrak görnüşiniň, şeýle hem meşhur türkmen ýazyjylarynyň eserleriniň, Magrupynyň “Döwletýar” dessanynyň, “Kowusnama” kitaplarynyň, Magtymguly Pyragynyň ömrüne, döredijiligine degişli kitaplaryň çap edilendigi habar berildi.

Eýsem, häzirki wagt türkmen ýaşlary nähili kitaplary okaýarlar? Olaryň okamak isleýän kitaplaryny ýurtda tapyp bolýarmy?

Täze Tolkun gepleşiginiň nobatdaky sanynda bu soraglara ýokary bilimini daşary ýurtlarda dowam etdirýän türkmen ýaşlary Humaý we Azat jogap berýär. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

“Ýaşlarda okamaga höwes az”