Germaniýa Dünýä çempiony boldy

Braziliýada geçirilen futbol boýunça Dünýä çempionatynyň final duşuşygynda Germaniýa Argentinadan 1:0 hasap bilen üstün çykyp, 2014-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempiony boldy.

13-nji iýulda Rio de Žaneýro şäherindäki Marakana stadionynda nemes futbolçysy Mario Goetze ýaryşyň soňunda berlen goşmaça wagtyň tamamlanmagyna ýedi minut galanda pökgini argentin komandasynyň derwezesine saldy. Bu ýeňşiň netijesinde Germaniýa futbol boýunça dördünji gezek dünýä çempiony boldy.

Şeýle-de, Germaniýa bu üstünligi bilen, Günorta Amerika kontinentinde geçirilen ýaryşda futbol boýunça Dünýä çempiony adyna eýe bolan ilkinji ýewropaly futbol komandasy boldy.