ÝHHG: Žurnalistlere edilýän hüjümler "howsala dörediji"

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Ýakynda ÝHHG-niň media azatlygy boýunça ýörite wekili wezipesine bellenen Dunja Mijatowiç 9-njy iýunda ozalky Sowet Soýuzyna degişli ýurtlarda žurnalistlere rehimsiz daralmagy bilen baglanyşykly wakalaryň alada dörediji ýagdaýda artandygy barada beýanat bilen çykyş etdi.