Tegelek Stol: Wezipelileriň biznesi: kim nähili netije çykarýar?

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Golaýda (16-njy oktýabrda) Waşingtonda Jorj Waşington uniwersitetinde Türkmenistandaky birinji maşgalanyň biznes işleri, has dogrusy bu ýagdaý barada aýdylýan, diýilýän zatlar hakynda, şonuň bilen birlikde ýurtda gurulýan uly ýollar, binalar hakynda gürrüň  edildi. Eýsem Türkmenistanda uly döwlet wezipelerini eýeleýän adamlar we olaryň biznes işleri barada näme bilinýär? Azatlyk Radiosynyň bu mesele barada gurnan "Tegelek stol" söhbetdeşligine ýerli synçylar: raýat aktiwisti Nurberdi Nurmämmet, publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy, häzir Şwesiýada ýaşaýan türkmen oppozisioneri Hudaýberdi Orazow gatnaşdy.